Dana Waýt UFC-niň Ak tamda geçmeli turnirine päsgel berýän mesele hakda aýtdy

  • 11.04.2026 11:48
  • 8.1k+

2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamyň Günorta meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän UFC Freedom 250 turniri, diňe bir promouşeniň däl, eýsem tutuş sport taryhyndaky iň uly we täsirli wakalaryň biri bolar. Bu çäre ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna we prezident Donald Trampyň 80 ýaşyna bagyşlanar.

Promouşen bu çäräni guramak üçin takmynan 60 million dollar sarp eder. Prezident rezidensiýasynyň çäginde ýörite ot düşeler we oktagon gurlar.

Liganyň ýolbaşçysy Dana Waýt strimer Edin Ross bilen söhbetdeşlikde turnire päsgel berip biljek meseläniň bardygyny boýun alyp, şeýle diýdi:

– Biz ýaramaz howa seretmän söweşeris. Hatda güpläp gar ýagsa-da, şeýderis. Belki ýagyşam ýagar, gögem gümmürdär, şouny olaram saklap bilmez. Ýöne, ine, ýyldyrym çaksa welin, mesele döräp biler. Adamçylyk, birden şeýle bolaýsa, biz garaşmaly bolarys we ýagdaý kadalaşansoň söweşi dowam ederis.

Men şeýle ýagdaýlar üçin daşarda şou etmegi halamok. Elbetde, ýagyş, güýçli ýel, yssy howa we mör-möjekler açyk howada bolýan kynçylyklar. Ýöne biz hemme zada taýýar. Her näme bolsa-da, biz bu turniri geçireris.

Turnirde 6 sany duşuşyk yglan edildi we olaryň her birinde amerikan söweşijileri bar.

Ýeňil agramda wagtlaýyn çempion amerikan Jastin Geýji (27-5) bilen esasy çempion, gruzin-ispan söweşijisi Iliýa Topuriýanyň (17-0) arasyndaky kemer birleşdiriji tutluşyk bolar.

Braziliýaly Aleks Pereýra agyr agramda wagtlaýyn titul ugrunda fransuz Siril Gan bilen söweşer. Eger Pereýra ýeňiş gazansa, UFC taryhynda üç dürli agram derejesinde kemer eýelän ilkinji söweşiji bolar.


düýn 22:41
6.1k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 09:46
10k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......