Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy

  • 19.02.2026 17:30
  • 7.5k+

Garyşyk söweş sungaty boýunça russiýaly türgen Islam Mahaçewe «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly at berildi. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär.
Dabara Moskwada, Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde geçirildi. FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow türgene Mahaçewiň familiýasy we federasiýanyň nyşany bolan ýörite sambo kurtkasyny gowşurdy. Şeýle hem türgen ýene bir kurtka öz goluny goýup, ony FIAS-yň muzeýine sowgat berdi.
Wasiliý Şestakow Islam Mahaçewi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Samarkant şäherinde geçiriljek sambo boýunça ýubileý — 50-nji dünýä çempionatyna hormatly myhman hökmünde çagyrdy.


«Islam Mahaçew sambonyň dünýä sportunda nähili belent sepgitlere ýol açýandygynyň aýdyň nusgasydyr. Onuň sambo düşekçelerindäki ýeňişlerinden başlap, UFC çempiony derejesine çenli geçen ýoly bütin dünýäde millionlarça adamy ruhlandyrýar. Biz onuň sportuň bu görnüşini ýaýratmakda goşan goşandyna ýokary baha berýäris we buýsanç bilen «Dünýäde sambo ilçisi» diýen hormatly ady berýäris» – diýip, Wasiliý Şestakow belledi.
Häzirki wagtda Islam Mahaçew UFC-niň ýarym orta agramda çempionydyr. Mundan ozal ýeňil agramda hem çempion bolupdy. Şeýle hem Mahaçew söweş sambosy boýunça dünýä çempiony we Russiýanyň iki gezek çempiony boldy.


07.06.2026 20:02
7.3k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......