2.2k+

Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz

Kia eýýäm oktýabr aýynda ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiliginiň bes ediljekdigini mälim etdi. Dilerlerde galan ätiýaçlyklar gutaran dessine, modeli satmak bes ediler. Munuň dünýä bazaryna täsir edip-etmejegi heniz belli däl, ýöne Motor1 Soul brendiň täzelenen model syýasatynyň pidasy boldy diýip hasaplaýar...

4.1k+

Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar

Meta kompaniýasy Luiziana ştatynda (ABŞ) 4 million inedördül fut (371 600 inedördül metr töweregi) meýdany bolan emeli aň maglumat merkezini gurýar, bu takmynan 70 futbol meýdançasyna deňdir. Reuters-iň habar bermegine görä, desganyň umumy çykdajysy takmynan 10 milliard dollar bolar...

6.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) öz saýtynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny görkezdi. Ýaryş ilkinji gezek birbada üç ýurduň çäginde geçer we indiki ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli dowam eder...

6.1k+

Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika

Howa gatnawlary global aragatnaşykda möhüm orun eýeläp, yklymlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy we medeni alyş-çalşygy üpjün edýär. MAG-yň Bütindünýä maglumat kitapçasynyň (The World Factbook) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografikada häzirki günde dünýäniň dürli ýurtlarynda näçe howa menziliniň we aerodromlaryň bardygy görkezilýär...

2.9k+

ABŞ-daky Tennessi uniwersiteti talyplara GTA oýny arkaly taryhy öwreder

Tennessi ştatynyň uniwersitetinde Grand Theft Auto oýunlarynyň üsti bilen ABŞ-nyň 1980-nji ýyldan bärki taryhyny öwretjek kurs peýda bolar. Kursy taryh professory Tore Olson işläp taýýarlady we özi alyp barar. Bu barada ol IGN bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi...

7.8k+

Hyundai ýarym milliondan gowrak Palisade ulaglaryny yzyna gaýtarýar

Hyundai ABŞ-da 2020-2025-nji ýyllarda öndürilen 568 müňden gowrak "Palisade" awtoulagyny tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. Bu barada "Reuters" habar gullugy ABŞ-nyň Ulag ýollarynda hereket howpsuzlygy boýunça milli müdirligine (NHTSA) salgylanyp habar berýär...

11k+

Elektrik energiýasynyň jan başyna sarp edilişi boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

ýurtlaryň ösmegi bilen ilatyň jan başyna elektrik energiýasyny sarp edişi ýokarlanýar, bu görkeziji esasanam, senagat we şäher ýerlerinde artýar. Ember’s Electricity Data Explorer-e esaslanan bu görnüş dünýäniň iň uly ykdysadyýetlerinde energiýa sarp edilişiniň nähili paýlanýandygyny we soňky onýyllykda nähili üýtgändigini görkezýär...

12k+

ABŞ Green Card lotereýasyna tabşyrýanlaryň her birinden 1 dollardan alyp başlar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-da ýaşamak üçin ýaşaýyş ýeriniň görnüşine (Green Card / Diversity Immigrant Visa) eýe bolmak boýunça lotereýa gatnaşmak üçin $1 möçberinde hasaba alyş tölegini girizdi. Töleg arza tabşyrylanda hökümetiň ygtyýarly töleg portaly arkaly onlaýn görnüşde alynýar...

6.8k+

Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar

Los-Anjelesde amerikaly kinorežissýor Dewid Linçe degişli bolan üç jaýdan ybarat toplum satuw çykaryldy. Ol bu ýerde 35 ýyl ýaşap, “Malholland draýw” (Малхолланд драйв) we “Ýitirilen ýol” (Шоссе в никуда) ýaly filmlerini döretdi...

1.5k+

Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy

Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar...

7.1k+

ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy

ABŞ we Hytaý TikTok sosial ulgamynyň satuw şertleri barada çarçuwaly ylalaşyk gazandy. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent aýtdy diýip, Reuters habar berýär. Bessent şertnama barada heniz giňişleýin maglumatlaryň ýokdugyny we olaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 19-njy sentýabrda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy wagtynda yglan ediljekdigini belledi...

5.4k+

ABŞ-da 16,5 müň sözli iňlisçe–türkmençe sözlük neşir edildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Makul English-Turkmen Dictionary» atly kitap çap edildi. Neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Sözlük eýýäm Amazon platformasynda satyn almak üçin elýeterlidir...

7.3k+

ABŞ immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary almagyň düzgünlerini güýçlendirdi

ABŞ-nyň häkimiýetleri daşary ýurtly raýatlar üçin immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary, şol sanda B1/B2 syýahatçylyk wizalaryny almagyň düzgünlerini güýçlendirdi. Indi resminamalary diňe öz raýatlygyň degişli bolan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýurduňda tabşyryp bolýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi...