Amerikaly newrolog 103 ýaşyna çenli işledi: ol taryhda iň garry lukman hökmünde ykrar edildi

  • 06.05.2026 00:33
  • 4.1k+

Amerikaly newrolog Howard Taker resmi taýdan taryhda iň garry tejribeli lukman hökmünde ykrar edildi. Ol 1947-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ömrüniň 75 ýylyny lukmançylyk işine bagyşlady.

Ol tä 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda aradan çykýança öz hünär ugrundan işlemegini dowam etdirdi. Lukman Taker 103 ýyl 83 gün ýaşady.

Kärýerasynyň dowamynda Hillkrest hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň ýolbaşçysy boldy we uniwersitet hassahanalarynda mugallymçylyk etdi, şeýlelikde, öz hünärine bolan hemişelik gyzyklanmanyň we söýginiň nusgasy bolup galdy.

Howard Takeriň ady ilkinji gezek 2021-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, şonda ol 98 ýaşynda dünýäde iň garry tejribeli lukman hökmünde ykrar edilipdi. Hatda pandemiýa döwründe hem lukman haýyr-sahawat lukmançylyk merkezinde hassalary bejermegini we ýaş ordinatorlary okatmakgyny dowam etdirdi.

"Indiki näme?" dokumental filminiň üstünde işlän agtygy Ostin Taker atasynyň diňe bir çylşyrymly lukmançylyk apparatlaryna bil baglaman, eýsem adamlaryň kesel kesgidini anyklamakda we olara rehimdarlykda diýseň täsin ukyplara eýe bolandygyny belledi.

Lukmançylykdan başga-da, Howard Taker ýuristlik ugrundan hem bilim aldy we iki ugur boýunça hem talyplara leksiýa okady. Boş wagtynda ol dört çagany we on agtygy terbiýeledi, dostlary bilen gatnaşykda bolmakdan lezzet aldy we garrylyk çagyna çenli psihiatr bolup işlän aýaly Sýu bilen wagtyny geçirdi.

"Meniň pikirimçe, atam islendik ýaşda-da gyzyklanmaňy we öwrenmegiňi dowam etdirmek islegini saklamagyň näme aňladýandygynyň janly mysaly bolupdy" - diýip, Ostin gürrüň berýär.

Lukman Takeriň ömri we işi dünýäde durmuş işjeňliginiň nyşanyna öwrüldi: ol islendik ýaşda akyl durulygyny saklap we jemgyýete goşant goşup bolýandygyny subut etdi.

Ýeri gelende aýtsak, dünýäde iň garry zenan lukman amerikaly Leýla Daniýa bolup galýar, ol hem 103 ýaşyna çenli işlän.


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......