Amerikanyň ýaşaýjysy «Bearbrick» şekiljikleriniň heniz görülmedik möçberini ýygnap Ginnese girdi

  • 12.05.2026 11:50
  • 7.5k+

Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy, amerikaly kolleksioner Deniel Park dünýäde iň köp «Bearbrick» şekiljiklerini ýygnap, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy.

Täze rekordçynyň elinde 3 482 sany şekiljik bar. Bu görkeziji hytaýly kolleksioner Gao Ke tarapyndan 2020-nji ýylda goýlan öňki rekorddan (1 008 şekil) üç esse köpdür.

Bearbrick şekiljikleri 2001-nji ýylda ýapon dizaýneri Tatsuhiko Akaşi tarapyndan «Plýuş aýyjygynyň» (Teddy Bear) 100 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik sowgat hökmünde döredildi. Soňra bu şekiljikler häzirki zaman sungatynyň, köçe sungatynyň we kolleksiýa dizaýnynyň bir bölegine öwrüldi. Olar dünýä belli brendler, suratkeşler we sazandalar bilen hyzmatdaşlykda çykarylýar.

Parkyň bu kolleksiýany ýygnap başlanyna bary-ýogy bäş ýyl boldy. Hemme zat onuň bir sany «belgisiz»  gutyny satyn almagy bilen başlandy. Wagtyň geçmegi bilen, onuň öýündäki iş otagy dürli görnüşdäki we ölçegdäki şekiljiklerden doly sergi meýdançasyna öwrüldi.

Onuň kolleksiýasynda Žan-Mişel Baskia, Endi Uorhol we Kit Haringiň ýaly suratkeşleriň işleriniň äheňindäki şekiljikler, şeýle-de Lebron Jems, Hello Kitti, Mikki Maus, Ninja pyşbagalary we hatda «13-indäki anna» («Пятница, 13-е») gorkunç filminiň gahrymanynyň keşpleri-de bar.

Deniel Parkbu toplumyndaky şekiljiklere: «Bu hemmeleriň tanaýan nusgawy keşbini saklap, çäksiz döredijilik görkezmäge mümkinçilik berýän ajaýyp serişdedir» diýip baha berýär.

Onuň aýtmagyna görä, rekord goýmak baradaky pikir onuň sekiz ýaşly gyzynyň «Ginnesiň rekordlar kitabyna şeýdip giren barmyka?» diýen soragyndan soň döräpdir.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....