ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

  • 11.05.2026 23:10
  • 3.3k+

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk gatyşmalarynyň biridir.

Bu kesel aspartoasiklaza fermentiniň işiniň bozulmagyna sebäp bolýan gen defekti bilen baglanyşyklydyr. Netijede, beýnide zäherli N-asetilaspartat (NAA) maddasy ýygnanyp, nerw öýjükleriniň weýran bolmagyna we çaganyň ýagdaýynyň kem-kemden ýaramazlaşmagyna getirýär. Adatça, alamatlar doglandan soň tiz wagtda ýüze çykýar we 10 ýaşlarda ölüm bilen tamamlanýar.

Irlandiýada bejerginiň ýokdugy aýdylandan soň, ene-ata ABŞ-da geçirilýän kliniki barlaglara gatnaşmak kararyna geldi. Ogaýo ştatynyň Deýton şäherindäki hassahana bäş aýlyk gyzjagazyň beýnisine kateter arkaly geniň işleýän nusgasyny ýerleşdirdi. Bu bolsa öýjüklere zerur bolan fermenti işläp çykarmaga mümkinçilik berdi.

Neýrohirurg Rob Lober tarapyndan geçirilen operasiýa takmynan 30 minut dowam etdi. Bir aýdan soň ilkinji gowulaşmalar hasaba alyndy: beýniniň çişi azaldy.

Maşgala üç aýlap lukmanlaryň gözegçiliginde bolup, ýakynda alty aýlyk barlag üçin ýene-de ABŞ-a geldi.

Bu usul heniz synag tapgyrynda bolsa-da, näsaglaryň aglabasynda birnäçe hepdäniň içinde oňyn üýtgeşmeler görünýär. Bejergini işläp düzmek üçin 30 ýyldan gowrak wagt sarp edildi. Bu ugurda professor Paola Leoneniň (Rowan-Virtua College) topary uly işler alyp barýar. Massaçusets ştatynyň «Myrtelle» biotehnologiýa kompaniýasy bolsa 2027-nji ýylda bu terapiýany hasaba almak üçin FDA-a (Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdirlik) ýüz tutmagy meýilleşdirýär.

Alymlar geljekde bu usuly beýniniň ak maddasynyň beýleki agyr genetiki kesellerini (leýkodistrofiýalary) bejermekde hem ulanyp bolar diýip umyt edýärler.


20.06.2026 12:08
6.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......