ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

  • 26.04.2026 20:46
  • 10k+

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe adamyň nobatda durandygyny we olaryň arzalarynyň gözden geçirilýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, başlangyç tapgyrda tassyklananlaryň azlygy, häkimiýetleriň täze programmanyň kämil işlemegini üpjün etmek hem-de ýüz tutanlaryň ömür beýanlaryny ilik-düwme barlamak isleýändikleri bilen baglanyşyklydyr.

Bu taslama Donald Tramp tarapyndan geçen ýylyň fewralynda yglan edilip, dekabrda resmi taýdan işe girizildi. Gatnaşmagyň şertlerine laýyklykda, işi çaltlaşdyrmak üçin ABŞ-nyň Içeri işler ministrliginiň peýdasyna 15 müň dollaryň tölenmegi göz öňünde tutulýar. Howpsuzlyk barlagyndan geçilenden soň, ýüz tutan adam 1 million dollarlyk tölegi amala aşyrmaga borçludyr. Netijede alnan wiza «grin-karta» meňzeş bolup, ol ABŞ-nyň çäginde kanuny ýaşamaga we iş ýerini almaga hukuk berýär.

Ozal Goward Lýutnik taslama bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny mälim edipdi. Onuň aýtmagyna görä, «altyn kartlary» almak üçin öňünden bellige alyş döwründe takmynan 10 müň adam ýazylypdyr. Ministr geljekde şeýle wizalaryň müňlerçesiniň satyljakdygyny we munuň milliardlarça dollary çekmäge mümkinçilik berjekdigini çaklaýar.

Ýeri gelende bellesek, ministr geçen ýylyň martynda bir günüň dowamynda müň sany «altyn kartyň» satylandygyny habar berip, gazanylan ähli serişdeleriň ABŞ-nyň döwlet bergilerini ýapmak üçin gönükdiriljekdigini nygtapdy.


19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......