Samsung ýat ýetmezçiligi sebäpli ABŞ-da öňdebaryjy Galaxy smartfonlarynyň bahasyny gymmatladýar

  • 22.04.2026 16:26
  • 3.2k+

Samsung kompaniýasy Amerikan bazarynda Galaxy Z Flip 7, Galaxy S25 FE we Galaxy S25 Edge smartfonlarynyň bahasynyň gymmatladylandygyny yglan etdi. Bahalaryň gymmatlamagy esasan hemişelik ýadyň göwrümi uly bolan modellerde ýüze çykdy.

Täze nyrhlara görä, 512 GB ýatly Galaxy Z Flip 7-niň bahasy 1300 dollara, 256 GB ýatly Galaxy S25 FE-niň bahasy 750 dollara we 512 GB ýatly Galaxy S25 Edge-iň bahasy 1300 dollara çenli ýokarlandy.

Mundan başga-da, öndüriji geçen hepde eplenýän Galaxy Z Fold 7 modeliniň hem nyrhlaryna düzediş girizipdi: indi bu enjamyň 512 GB-lyk wersiýasy 2200 dollardan, iň ýokary 1 TB-lyk wersiýasy bolsa 2500 dollardan bahalanýar. Hünärmenler günorta koreýaly ägirdiň bu nyrh syýasatyny dünýäde dowam edýän düzüm bölekleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Bu ýetmezçilik operatiw ýadyň (RAM) we NAND-fleş çipleriniň özüne düşýän gymmatynyň birden ýokarlanmagyna getirdi. Häzirki wagtda smartfonlaryň iň pes ýat göwrümli başlangyç wersiýalarynyň nyrhlary öňküligine saklanyp galýar.


23.05.2026 23:52
2.9k+

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......

23.05.2026 11:17
6.8k+

«Ýasalan» däl, eýsem ABŞ-da «buýsanç bilen ýygnalan»: Trump Phone ilkinji gezek wideoda görkezildi

«Trump Mobile» kompaniýasy ozal çykyş möhletiniň gijikdirilmegi we dizaýnynyň üýtgedilmegi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilen «T1 Phone» smartfonynyň ilkinji nusgalaryny žurnalistlere gowşuryp başlady....

23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......