«Ýasalan» däl, eýsem ABŞ-da «buýsanç bilen ýygnalan»: Trump Phone ilkinji gezek wideoda görkezildi

  • 23.05.2026 11:17
  • 6.8k+

«Trump Mobile» kompaniýasy ozal çykyş möhletiniň gijikdirilmegi we dizaýnynyň üýtgedilmegi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilen «T1 Phone» smartfonynyň ilkinji nusgalaryny žurnalistlere gowşuryp başlady.

Smartfony ilkinji bolup alanlaryň hatarynda smartfonyň gysgaça wideosynyny çap eden NBC News-iň žurnalistleri bar. Enjamyň jemleýji wersiýasy iPhone we Samsung-yň flagman modellerini ýadyňa salýan ilkinji konsepsiýalardan düýpli tapawutlanýar.

Android Authority neşiriniň maglumatlaryna görä, enjam häzirki wagtda 2024-nji ýylyň «HTC U24 Pro» smartfonyna has meňzeş, diňe ujypsyz üýtgeşmeler bar. Smartfon yzky panelinde Amerikanyň baýdagynyň şekili bolan altyn reňkli korpusda ýerine ýetirilipdir. Baýdakda adaty 13 zolaga derek 11 zolagyň çekilendigi žurnalistleriň ünsünden düşmändir.

Şeýle hem gaplamadaky bellik üýtgedildi. «Made in USA» (ABŞ-da ýasalan) ýazgysynyň ýerine indi «Proudly Assembled in USA» — «ABŞ-da buýsanç bilen ýygnalan» diýen takyklama ulanylýar.

Tassyklanan aýratynlyklaryň arasynda 512 GB göwrümli ýat, Android operasion ulgamy we simli nauşnikler üçin 3,5 mm konnektor bar. Smartfona «Truth Social» sosial torunyň goşundysy öňünden gurnalypdyr.

Enjamyň bahasy 499 dollar bolar. Ozal «Trump Mobile» 100 dollar möçberinde depozit bilen öňünden sargytlary kabul edipdi.

«NBC News» «Trump Mobile-a» baýdagyň dizaýny we detallaryň gelip çykyşy barada düşündiriş bermegini soraýan hat iberdi, ýöne oňa jogap almady. Ak tam hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bu smartfony hut özüniň ulanýandygyny ýa-da ýokdugyny anyklaşdyrmady.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......