Fizikler taryhda ilkinji gezek bölejikleriň boşlukdan döreýşini hasaba aldylar

  • 19.04.2026 23:10
  • 1.8k+

ABŞ-nyň Brukheýwen milli barlaghanasynyň fizikleri bölejikleriň wakuumdan nähili döräp bilýändigine ilkinji gezek janly şaýat boldular. Bu tejribe ýokary energiýaly protonlaryň biri-biri bilen çakyşdyrylýan tizlendirijisi arkaly amala aşyryldy.

Çakyşmalaryň netijesinde alymlar adaty maddy serişdelerden däl-de, eýsem wakuumyň fluktuasiýalarynda emele gelýän bölejikleriň peýda bolandygyny anykladylar. Olaryň arasynda kwark-antikwark jübütleri hem bar.

Kwant hromodinamika görä, wakuum doly boşluk däldir. Onuň içinde yzygiderli ýagdaýda "wirtual bölejikler" diýlip atlandyrylýan elementler döräp we ýitip durýarlar. Energiýanyň derejesi ýeterlik bolan ýagdaýynda, olar massa eýe bolan hakyky bölejiklere öwrülip bilýärler. Kwarklar aýratynlykda ýaşap bilmeýändikleri sebäpli, olar örän gysga wagtyň içinde dargaýan "giperonlar" atly çylşyrymly bölejiklere birleşýärler. Şunda kwarklar özleriniň wakuumda dörän wagtyndaky özara baglanyşygyny saklap galýarlar.

Şeýle giperonlary ýüze çykarmak bilen alymlar olaryň düzüminiň hut wakuumdan gelip çykandygyny tassykladylar. Bu açyş bölejikleriň massany nähili alýandygyny has gowy düşündirmäge kömek edýär. Täze maglumatlar barlagçylary bu mehanizmi doly aýdyňlaşdyrmaga has-da ýakynlaşdyryp biler.


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......