Sony PlayStation Network boýunça 7,8 million dollar jerime tölär

  • 06.05.2026 16:23
  • 1.7k+

Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 2023-nji ýyldaky köpçülikleýin şikaýat boýunça PlayStation Network ulanyjylaryna 7,8 million dollar möçberinde öwezini doluş tölegini tölemek baradaky karary deslapky görnüşde tassyklady.

Bu şikaýatda Sony kompaniýasy platforma beýleki daşary ýurtly işläp düzüjileriň girmegini çäklendirmekde aýyplanypdy. Öwezini doluş töleginiň bir bölegini bellenen döwür aralygynda belli bir oýunlary satyn alan ABŞ-ly ulanyjylar alarlar.

Kotaku neşiriniň habar bermegine görä, şikaýat 2019-njy ýylyň 1-nji apreli bilen 2023-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygyndaky döwri öz içine alýar. Arz 2021-nji ýylda Agustin Kakkuriniň adyndan edilipdi. Deslapky ylalaşyk 8-nji aprelde gazanyldy, şikaýatçylaryň bähbitlerini goraýan Saveri ýuridik kompaniýasy bolsa bu barada 29-njy aprelde mälim etdi. Ýöne 2025-nji ýylyň iýulynda kazyýet zyýanyň mukdaryny we ejir çekenleriň sanyny takyk kesgitläp bolmandygy sebäpli şikaýaty ret eden-de bolsa, Sony ýaňy-ýakynda  şahsy ýörelgelerine ygrarlylyk hökmünde zyýanyň öwezini dolmaga razylyk berdi.

 Kazyýet jemleýji mejlisinden soň, 15-nji oktýabrda gutarnykly kararyň çykarylmagyna garaşylýar.

Tölegleri almaga diňe oýunlar üçin niýetlenen fiziki wauçerleri internet arkaly däl-de, eýsem ABŞ-nyň dükanlaryndan satyn alan amerikan PSN ulanyjylary hukuk gazanarlar. Oýunlaryň sanawy ýörite saýtda ýerleşdirilip, oňa onlarça oýun girýär.

Öwezini doluş tölegi ulanyjylaryň PSN hasaplaryna awtomatik usulda goşular we bu hakdaky habarnamalar elektron salgy arkaly iberiler.


23.05.2026 23:52
2.9k+

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......

23.05.2026 11:17
6.8k+

«Ýasalan» däl, eýsem ABŞ-da «buýsanç bilen ýygnalan»: Trump Phone ilkinji gezek wideoda görkezildi

«Trump Mobile» kompaniýasy ozal çykyş möhletiniň gijikdirilmegi we dizaýnynyň üýtgedilmegi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilen «T1 Phone» smartfonynyň ilkinji nusgalaryny žurnalistlere gowşuryp başlady....

10.05.2026 14:21
1.1k+

Silent Hill we Angry Birds Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zalyna girizildi

The Strong National Museum of Play muzeýi 2026-njy ýylda Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zalyna goşulan oýunlary yglan etdi. Bu ýyl dört sany meşhur taslama — Angry Birds (2009), Silent Hill (1999), FIFA......

30.04.2026 18:53
1.9k+

Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap......