Silent Hill we Angry Birds Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zalyna girizildi

  • 10.05.2026 14:21
  • 1.1k+

The Strong National Museum of Play muzeýi 2026-njy ýylda Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zalyna goşulan oýunlary yglan etdi. Bu ýyl dört sany meşhur taslama — Angry Birds (2009), Silent Hill (1999), FIFA International Soccer (1993) we Dragon Quest (1986) aýratyn bellenildi.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň dalaşgärleriniň gysga sanawyna Frogger, Galaga, League of Legends, Mega Man, PaRappa the Rapper, RuneScape, The Elder Scrolls V: Skyrim we Tokimeki Memorial ýaly oýunlar giripdi.

Täze laureatlar muzeýiň ekspozisiýasynda öňden bar bolan Minecraft, Tetris, World of Warcraft, Grand Theft Auto III, The Last of Us, Quake, Resident Evil, Myst, SimCity we «Tamagoçi» ýaly ykrar edilen oýunlaryň hataryna goşuldy.

Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zaly 2015-nji ýyldan bäri hereket edýär. Her ýyl oňa oýun pudagyna, köpçülikleýin medeniýete we oýunçylaryň birnäçe nesline uly täsirini ýetiren taslamalar girizilýär.

Laureatlar saýlanyp alnan wagty oýnuň meşhurlygy, tanalmagy, uzak ömürliligi we pudagyň ösmegine ýetiren täsiri ýaly ölçegler göz öňünde tutulýar.


06.05.2026 16:23
1.6k+

Sony PlayStation Network boýunça 7,8 million dollar jerime tölär

Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 2023-nji ýyldaky köpçülikleýin şikaýat boýunça PlayStation Network ulanyjylaryna 7,8 million dollar möçberinde öwezini doluş tölegini tölemek baradaky......

10.04.2026 11:34
2.5k+

Sony-niň ýolbaşçysy kompaniýanyň esasy rysky bolan wideo oýunlary halamaýar

Wideo oýun pudagy, kino we saz sungaty Sony korporasiýasynyň esasy ösüş güýjüne öwrüldi. Häzirki wagtda bu ugurlar kompaniýanyň umumy girdejisiniň 60%-inden gowragyny üpjün edýär (on ýyl ozal bu görkeziji......

18.03.2026 17:39
4.1k+

Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy

Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi...

düýn 11:05
1k+

reCAPTCHA ulanýan saýtlar Google hyzmatlary bolmadyk Android ulanyjylaryny bloklap başlady

Google hyzmatlary bolmadyk Android smartfonlarynyň ulanyjylary reCAPTCHA barlagyndan geçmekde kynçylyklara uçrap başladylar. Täze şahsyýeti tassyklama ulgamy smartfonda Google Play Services-iň 25.41.30 ýa-da......