Sony-niň ýolbaşçysy kompaniýanyň esasy rysky bolan wideo oýunlary halamaýar

  • 10.04.2026 11:34
  • 2.5k+

Wideo oýun pudagy, kino we saz sungaty Sony korporasiýasynyň esasy ösüş güýjüne öwrüldi. Häzirki wagtda bu ugurlar kompaniýanyň umumy girdejisiniň 60%-inden gowragyny üpjün edýär (on ýyl ozal bu görkeziji bary-ýogy 30% bolupdy). Emma iň gyzykly tarapy, kompaniýanyň baş direktory Hiroki Totoki wideo oýunlaryň muşdagy däldigini, oňa derek seriallary we sazy, aýratyn-da «Oasis» toparyny gowy görýändigini boýun aldy.

Bu uly öwrülişik 2013-nji ýylyň çökgünligiden soň başlandy. Koreýaly we hytaýly bäsdeşleriň gysmagy netijesinde, Sony öz işini üýtgetmeli boldy. Kompaniýa bahalary arzanlatmak üçin köpçülikleýin önüm öndürmekden ýüz öwrüp, käbir önüm ugurlaryny, şol sanda «Bravia» telewizor nusgasyny TCL kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga geçirdi.

Hernä kompaniýanyň uly mukdardaky maýa goýumlary özüni ödedi. Indi girdejiniň iň uly bölegi PlayStation brendinden gelýär. Şoňa görä, Sony bu platformany oýunçylar üçin «iň gowy ýer», neşirçiler üçin bolsa «iň amatly meýdança» etmegi maksat edinýär.

Totoki oýunlardan başga-da, ogryn nusgalara (piratçylyga) garşy göreşýän Crunchyroll anime hyzmatynyň üstünligini we saz kataloglaryndan gelýän mazaly girdejini hem belläp geçdi.

Garaz, ýolbaşçysynyň şahsy gyzyklanmalary başgaça bolsa-da, Sony strategik taýdan dynç alyş we göwün açyş pudagyndaky ornuny berkitmegini dowam etdirýär.


10.05.2026 14:21
1.1k+

Silent Hill we Angry Birds Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zalyna girizildi

The Strong National Museum of Play muzeýi 2026-njy ýylda Bütindünýä wideooýunlar şöhrat zalyna goşulan oýunlary yglan etdi. Bu ýyl dört sany meşhur taslama — Angry Birds (2009), Silent Hill (1999), FIFA......

06.05.2026 16:23
1.6k+

Sony PlayStation Network boýunça 7,8 million dollar jerime tölär

Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 2023-nji ýyldaky köpçülikleýin şikaýat boýunça PlayStation Network ulanyjylaryna 7,8 million dollar möçberinde öwezini doluş tölegini tölemek baradaky......

18.03.2026 17:39
4.1k+

Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy

Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi...

düýn 15:11
1.4k+

AirTag arkaly yzarlanan 30-dan gowrak kişi Apple garşy arza ýazdylar

Apple-niň üstünden AirTag trekerleri arkaly yzarlanandyklaryny aýdýan ulanyjylaryň 30-dan gowragy şikaýat etdi diýip, MacRumors neşiri habar berýär....