ABŞ-da garrama garşy öýjük terapiýasyny synagdan geçirip başlarlar

  • 15.04.2026 10:55
  • 2.3k+

Life Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy şu ýyl ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmelere garşy göreşmek üçin, öýjükleri bölekleýin täzeden programmirlemek usulynyň ilkinji kliniki synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär diýip, Nature habar berýär.

Bu barlagyň maksady köne öýjükleri kök öýjüklere öwürmezden, olary ýaşlyk ýagdaýyna howpsuz gaýtaryp getirmegiň mümkindigini-däldigini barlamak bolup durýar.

Bu tehnologiýa uly öýjükleri embrion ýaly öýjüklere öwrüp bilýän transkripsiýa faktorlarynyň (Ýamanaka faktorlary) açylmagyna esaslanýar.

Barlagçylar rak keseliniň ösmegine sebäp bolýan c-Myc belogyny aradan aýyrmak bilen, dört faktoryň üçüsini ulanmagy meýilleşdirýärler. Birinji tapgyrda bejergi, wirus geniniň geçirilmegi arkaly, göz torunyň zeper ýeten optik nerw dokumasyny dikeltmek üçin, glaukomaly 12 hassada synagdan geçiriler.

Bu usulyň howpsuzdygy syçanlarda we maýmynlarda geçirilen synaglarda eýýäm tassyklanyldy, netijede hiç hili goşmaça täsir ýa-da çiş ýüze çykmady. Genler ýörite antibiotik-açar arkaly işjeňleşdiriler we synaga gatnaşyjylar bäş ýyllap gözegçilik astynda bolar.

Eger synag üstünlikli geçse, bu tehnologiýa möhüm beden agzalaryny we tutuş bedeni ýaşartmak üçin esas bolup biler.

Bostonyň Life Biosciences kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Garward lukmançylyk mekdebinde garramagy öwrenýän ylmy direktor Lu Dewid Sinklerdir. Ol garrama garşy ulanyp boljak usullar barada batyrgaý pikirleri öňe sürýändigi üçin, köplenç, beýleki ylmy barlagçylar tarapyndan tankyda sezewar bolýar.


10.06.2026 16:26
5.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......