Science Advances: Nýu-Ýorkdaky binalaryň tas ýarysyny suw basyp biler

  • 04.05.2026 20:49
  • 7.6k+

ABŞ-nyň Alabama uniwersitetiniň alymlary ýurduň gündogar kenaryndaky şäherler üçin suw joşgunynyň bolmak töwekgelçiligine baha berdi we barlaglaryň netijelerini «Science Advances» žurnalynda çap etdi.

Geçirilen ylmy işe görä, Nýu-Ýork we Täze Orlean bu howpa has ýakyn şäherler diýlip ykrar edildi. Hususan-da, Nýu-Ýorkda şäher binalarynyň 47%-ine we 4,4 million töweregi ýaşaýja uly zyýan ýetmek howpy bar.

Bu megapolislerden başga-da, Hýuston, Maýami, Norfolk, Çarlston, Jeksonwill we Mobil şäherleri hem howply zolakda ýerleşýär. Täze Orlean boýunça görkezijiler has-da agyr boldy: bu tebigy hadysadan ilatyň 98%-iniň (takmynan, 375 müň adam) we şäher infrastrukturasynyň 99%-iniň zyýan çekmegi mümkin.

Agzalan ilatly nokatlar üçin howpuň ýokary bolmagy birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär: olaryň deňiz derejesinden pesde ýerleşmegi, ilatyň gürlügi, drenaž ulgamlarynyň netijesizligi, gurluşyk aýratynlyklary, ýagyn möçberi we suwa ýakyn ýerleşmek.

Işiň netijeleri boýunça alymlar häkimiýetleri häzirden töwekgelçilikleri azaltmak üçin çäreleri görmäge, şol sanda gatlalary, bentleri we gury ýer depelerini gurmaga çagyrdy.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....