Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

  • 18.04.2026 15:50
  • 8.4k+

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar.

Reýtinge aşakdaky aktýorlar girdi:

  • Leonardo DiKaprio
  • Bred Pitt
  • Raýan Gosling
  • Margo Robbi
  • Timoti Şalame
  • Tom Holland
  • Zendeýa
  • Ostin Batler

DiKaprio geçen ýyl "Söweş yzyna göreş" filminde baş keşbi janlandyrdy. Film 212 million dollar girdeji gazandy, býujetini ödäp bilmedi, ýöne alty sany “Oskar” baýragyny gazandy.

Pitt garaşylmadyk ýagdaýda uly üstünlige eýe bolan we kassa ýygymynda 634 million dollar girdeji gazanan "Formula 1" filminde baş keşbi janlandyrdy.

Raýan Goslingiň baş keşbi janlandyran "“Ahyrzaman” taslamasy" filminiň dünýädäki kassa ýygymy şu hepde 500 million dollara ýetdi. Onuň "Barbi" filmindäki ýoldaşy Margo Robbi ýakynda 240 million dollar girdeji gazanan "Tupanly geçit" filminiň adaptasiýasynda peýda boldy.

Zendeýa şu ýyl dört taslamada surata düşdi: "Drama" (häzirki wagtda kinoteatrlarda), "Odisseýa", "Möý adam: Düýbünden täze gün" we "Alaň: 3-nji bölüm". Tom Holland "Odisseýa" we täze "Möý adam" filmlerinde baş keşbi janlandyrar, Timoti Şalame bolsa "Alaň" filminde baş keşbi janlandyrar.

Ostin Batler "Maýaminiň polisiýalary" remeýkinde surata düşmäge taýýarlanýar.


düýn 23:59
1.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 16:26
5.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....