Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

  • 29.04.2026 18:34
  • 2.9k+

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi.

Täze maglumat merkezi takmynan 1,3 million kwadrat metr meýdany tutýar we ol uly göwrümli emeli aň modellerine öwretmek, olary öň görlüip-eşidilmedik derejede öndürmek, şeýle-de olara niýetlenen programmalary işläp taýýarlamak maksady bilen  dizaýnlaşdyryldy.

Desganyň gurluşyk ölçegleri örän täsirli. Onuň üçin 74 kilometrden gowrak binýat sütüni, 13 000 tonna polat, takmynan 200 kilometr tok kabel sarp edildi.

Adaty bulut maglumat merkezlerinden tapawutlylykda, «Fairwater» ýeke-täk äpet superkompýuter hökmündäki funksiýany ýerine ýetirýär. Ol ýüz müňlerçe iň täze Nvidia Blackwell grafiki prosessorlaryny (GPU) birleşdirýän bitewi ulgamdan peýdalanýar. Bu arhitektura oňa häzirki döwrüň iň çalt superkompýuterinden hem 10 esse ýokary güýç berýär.

Öndürijiligiň takyk görkezijileri we ulanylýan GPU-laryň anyk sany resmi taýdan aýdylmasa-da, ýüz müňlerçe Blackwell tizlendirijileriniň utgaşmasynyň maglumatlary öwretmek we seljermek meselelerine düýbünden täze, ýokary derejede çemeleşmäge şert döretjekdigi bellidir.

«Fairwater» emeli aňyň geljekki nesil goşundylaryny we ulgamlaryny işe girizmekde dünýäniň esasy strategik merkezi bolar.

 

 


düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.7k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......