1.4k+

Baku şäherinde C6 formatynyň ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň halkara maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde «C6: Bir sebit, umumy geljek – strategik dialogy pugtalandyrmak» atly halkara maslahat geçirildi. Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkezi tarapyndan guralan bu çärä C6 formatyna girýän döwletleriň seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy bilermenler we diplomatik wekiller gatnaşdy...

4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipä gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi...

13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

8.3k+

«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan...

2.5k+

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär

Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir...

2.2k+

Türkmen okuwçylary Dubaýda geçirilen robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandy

14-nji fewraldan 16-njy fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde türkmen okuwçylary 12 sany medal gazanmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýaş innowatoryň gatnaşan bu ýaryşynda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi...

1.9k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi...

1.7k+

Türkmenistanyň YHG-yň ýanyndaky täze hemişelik wekili resmi taýdan wezipesine girişdi

16-njy fewralda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Jidda şäherindäki ştab-kwartirasynda ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow ýurduň YHG-yň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde resmi taýdan wezipesine girişdi diýip, «Orient» habar berýär...

2.6k+

Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi...

16k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a sapar bilen ugrady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri 16-njy fewralda ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden ABŞ-a ugrady...

3.7k+

Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň hormatyna dabaraly ýöriş geçirildi

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Ýatlap geçsek, topar Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy...

1.4k+

«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda özüniň ikinji uly konsertini geçirer. «“Melodiýa” äheňindäki bahar» atly konsert 6-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde bolar we Halkara zenanlar gününe bagyşlanar. Konsertiň maksatnamasyna Waleriý Meladzeniň we Grigoriý Lepsiň meşhur aýdymlarynyň orkestr üçin işlenip taýýarlanylan görnüşleri girizildi...