Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Içerki ulag boýunça komitetiň 88-nji mejlisine gatnaşýar

  • 19.02.2026 14:20
  • 1.5k+

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady. Halkara ulag syýasaty üçin möhüm meýdança bolan bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
«Geljekki içerki ulag üçin innowasiýalary ilerletmek» diýen tema boýunça geçýän mejlisde dünýäniň dürli döwletleriniň ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we halkara bilermenler bir ýere jemlendi. Gün tertibiniň esasy meseleleri awtomatlaşdyrmak, infrastrukturany sanlylaşdyrmak we halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýurtda ulag pudagyny sanlylaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň strategik ugry bolup durýandygyny belledi. Hususan-da, elektron resminama dolanyşygynyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, «Demirgazyk-Günorta» we «Günbatar-Gündogar» ugurlary boýunça sanly ulag geçelgelerini döretmek, multimodal daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy boýunça BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine üns çekildi.
Şeýle hem, milli başlangyçlaryň Türkmenistanyň teklibi esasynda yglan edilen 2026-2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy bilen doly sazlaşýandygy nygtaldy.
Mejlisiň işi 20-nji fewralda tamamlanar we onuň netijeleri boýunça halkara ulag ulgamyny berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilmegine garaşylýar.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......