Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a sapar bilen ugrady

  • 17.02.2026 06:20
  • 16k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy.

TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri 16-njy fewralda ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden ABŞ-a ugrady.
Bu sapar iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlary öz içine alýan we täze derejä çykýan konstruktiw döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, onda amerikan kompaniýalary oba hojalygy we senagat ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda işjeň orun eýeleýärler.
Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi täze maýa goýum mümkinçiliklerini döredýär we ykdysady gatnaşyklary berkidýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a sapary dowam edýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......