Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Kino hepdeligi geçirilýär

  • 17.02.2026 16:36
  • 3.6k+

2026-njy ýylyň 16 — 22-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Kino hepdeligi geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan guraldy.
Giň gerimli medeni çäre paýtagtyň kinoteatrlarynda we welaýat medeniýet merkezlerinde dowam edip, tomaşaçylara Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen iň gowy çeper we dokumental filmleri hödürleýär. Ekranda eýýäm «Gyzyl alma», «Seýis», «Ýaşlar», «Köpetdag – esger ýigidiň arzuwy», «Kagyza ýazylan ykbal», «Binýat», «Gumly gelniň aýdymy» ýaly filmler görkezildi.

Çäreleriň maksatnamasyna filmler bilen bir hatarda tematiki maslahatlar, kinematografiýaçylar bilen döredijilik duşuşyklary we baýramçylyk konsertleri hem girýär. Esasy üns türkmen halkynyň baý taryhy mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny we ýurduň döwrebap gazananlaryny şöhlelendirýän eserlere gönükdirilýär.

Kinofilmleriň görkeziliş tertibi:

«Aşgabat» kinoteatry:

  • 18-nji fewral, 15:00 — «Uly baýragyň gymmaty»;
  • 19-njy fewral, 15:00 — «Deňizçi»;
  • 20-nji fewral, 15:00 — «Gyzyl kürte»;
  • 21-nji fewral, 15:00 — «Galkynyş»;
  • 22-nji fewral, 15:00 — «Ynsan syrdaşy».

«Watan» kinokonsert merkezi:

  • 18-nji fewral, 15:00 — «Gumly gelniň aýdymy»;
  • 19-njy fewral, 15:00 — «Kompozitor»;
  • 20-nji fewral, 15:00 — «Istärin»;
  • 21-nji fewral, 15:00 — «Daragt»;
  • 22-nji fewral, 15:00 — «Gürgenç gözeli Törebeg».

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi:

  • 18-nji fewral, 15:00 — «Bakyş»;
  • 19-njy fewral, 15:00 — «Kämillige ýol 2»;
  • 20-nji fewral, 15:00 — «Domrul»;
  • 21-nji fewral, 15:00 — «Çapar»;
  • 22-nji fewral, 15:00 — «Kitap».

Welaýatlardaky görkezilişler:

Ahal welaýaty (Sarahs şäheriniň Medeniýet öýi):

  • 21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».
  • Balkan welaýaty (Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesiniň Medeniýet öýi):
  • 20-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».

Daşoguz welaýaty (Şabat etrabynyň «Altyn ýol» geňeşliginiň Dilowar obasynyň Medeniýet öýi):

  • 18-nji fewral, 15:00 — «Kitap»;
  • 21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýi):

  • 21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».

Mary welaýaty (Ýolöten etrabynyň Medeniýet merkezi):

  • 21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».

şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......