Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

  • 16.02.2026 11:26
  • 1.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda Gitanas Nauseda berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Litwanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Litwa döwletiniň dikeldilen güni her ýyl 16-njy fewralda bellenilýär. 1918-nji ýylyň hut şu gününde Wilnýus şäherinde Litwanyň garaşsyzlygyny dikeltmek hakyndaky Akta gol çekilipdi. Bu resminama garaşsyz Litwanyň döredilendigini yglan etdi we ýurduň uzak wagtlap daşary ýurt döwletleriniň häkimiýeti astynda bolmagyndan soň, milli döwletliligiň kemala gelmegi üçin esas boldy.


düýn 16:30
700

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
798

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......