Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

  • 19.02.2026 18:49
  • 13k+

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy. Bu barada Orient habar berýär.
Çärä ilçihananyň geňeşçisi, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Naif bin Saud Al-Sahli, Saud Arabystanynyň Yslam işleri, çagyryş we wagyz-nesihat ministrliginiň wekili jenap Talal Al-Maliki we Türkmenistanyň Müftüliginiň wekilleri gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Müftüliginiň wekilleri bu sahylyk üçin Saud Arabystanynyň hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň iki halkyň arasyndaky berk dostluk we ruhy doganlyk gatnaşyklarynyň nyşanydygyny nygtady. Şeýle hem, Patyşalygyň her ýyl Haj parzlaryny berjaý edýän türkmen zyýaratçylary üçin amatly şertleri döretmek ugrundaky tagallalary aýratyn bellenildi. Şeýle çäreler ýurtlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklaýar.


19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......