Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

  • 18.02.2026 14:09
  • 1.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada 17-nji fewralda milli parlamentiň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, ilçi Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Indoneziýanyň ýolbaşçylarynyň salamyny Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Mejlisiň düzümi we onuň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäginde ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça pikir alyşdy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi özara hormat goýmak we ynam esasynda Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......