Türkmen oba hojalyk institutynda geodeziýa boýunça V internet ders bäsleşigi geçiriler

  • 19.02.2026 14:05
  • 1.6k+

Türkmen oba hojalyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny geodeziýa boýunça geçiriljek V internet ders bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy tarapyndan guralýan bu bäsleşik 16-njy aprelde şahsy görnüşde geçiriler.
Bäsleşige taýýarlyk ugruna garamazdan, her ýokary okuw mekdebinden bäş adama çenli talypdan ybarat toparlar gatnaşyp biler. Bäsleşik 50 soragdan ybarat bolup, olary çözmek üçin gatnaşyjylara 100 minut wagt berler. Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler toplanan ballaryna görä şahsy we toparlaýyn görnüşde kesgitlener hem-de I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň hünär endiklerini ösdürmek, ylmy işjeňligini höweslendirmek we geodeziýa ugrunda hünärmenleriň taýýarlyk derejesine baha bermekden ybarat.

Ýokary okuw mekdepleri öz toparlary we ýolbaşçylary baradaky maglumatlary 1-nji aprele çenli tohi_tm@sanly.tm elektron poçtasyna ugratmalydyr. Has giňişleýin maglumatlary we düzgünnamany institutyň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: +993 62 73-39-05; +993 64 26-41-60.


şu gün 18:58
402

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......