Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy

  • 17.02.2026 05:42
  • 5.2k+

16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Henri P.Klýugeni kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Hans Henri P.Klýuge Türkmenistanyň halkara saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmekdäki tagallalaryna ýokary baha berip, Döwlet Baştutanyna BSGG-niň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy.


Şeýle hem myhman Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi we bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde Saglygy goramagyň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gutlaglaryny bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow berlen ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan netijeleriniň halkara ykrarnamasydygyny belledi. Duşuşykda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, şol sanda Arkadag medisina klasteriniň gurluşygyny we temmäkä garşy göreşmek ýaly ugurlarda BSGG bilen alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Gepleşikleriň ahyrynda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......