«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

  • 19.02.2026 14:25
  • 8.5k+

Gelşi bilen güldüren,
Kalba huzur dolduran,
Ynsanlygy bildiren,
Remezan geldi, Remezan.

Säherde galkyň ynsanlar,
Hatym ediň Kuranlar,
“Eý, wah” diýsin şeýtanlar,
Remezan geldi, Remezan.

Gaflat aýy däldir bu,
Öýke aýam däldir bu,
Rahmet aýy diýmek bu,
Remezan geldi, Remezan.

Bu aý är meýdanydyr,
Tutup bilseň peýdaňadyr,
Girjek gapyň ol Reýýandyr,
Remezan geldi, Remezan.

Kagbul Ahbar Allahu tagala ondan razy bolsun! Pygamberimiz aleýhissalam rowaýat etdi:  

— Eý ýaranlar, Hak tagala sizleri uluglap remezan aýyny iberdi. Allahu tagala ony başga hiç pygamberiň ummatyna ibermedi. Ol remezan aýynyň orazasyny meniň ymmatym üçin sylaglady. Siz hem ony uluglaň we eziz tutuň. Çünki siz özge ymmatlaryň arasynda kyýamat güni bu sebäpden eziz bolarsyňyz. Her kim remezan aýynda bir gije ybadat etse, gündiz ýalançylykdan, gybatdan, töhmetden we şugulçylykdan özüni saklasa, Haktagala ol bendä müň aý ybadat edeniň sogabyndan hem köp sogap berer.

Resul aleýhissalam ýene aýtdy:
Remezan aýy gelende dowzahyň işigini baglarlar, behişdiň işigini açarlar we şeýtany bent ederler. Her kim oraza tutsa, ýalan sözlemese, göriplikden we töhmetden daş dursa we gybat etmese, bäş wagt namazyny jemagat bilen okasa, şol mertebe bilen remezany ötürse, Haktagala ol bendäniň şol ýyl eden günäsini geçer. Ol bende remezan aýyny şol mertebe bilen ötürse günäden päk bolar we eneden ýaňy dogan çaga dek bolar.
Remezan aýyny mukaddes topraklarda geçirmek isleýänler üçin “Mukaddes behişt ýoly” HK umra zyýaratlaryny gurnaýar we goşulmaga çagyrýar! Ýokary hilli hyzmatlar umra zyýaratyna gitjek raýatlara amatly bahalardan hödürlenilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......