Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi

  • 17.02.2026 15:35
  • 2.6k+

Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Bu taslama geljekki çempionlary ýetişdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän çagalar we ýaşlar sportuny ösdürmek boýunça ählumumy başlangyjyň bir bölegidir.
Festiwalyň maksatnamasyna oýun maşklary, estafetalar we «Altyn asyr» FK-nyň tälimçileriniň ussatlyk sapaklary girizildi. Çärede toparlaýyn agzybirlige we sportuň her bir çaga üçin elýeterli bolmagyna aýratyn üns berildi. Bu festiwal gatnaşyjylara öz ukyplaryny görkezmäge we hakyky sport hyjuwyny duýmaga mümkinçilik berdi.
«Grassroots Football Day» festiwaly sylaglama dabarasy bilen tamamlandy. Her bir ýaş futbolça guramaçylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary we täze futbol topy gowşuryldy. Bu başlangyçlar sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde we geljekde Türkmenistany halkara meýdançasynda mynasyp görkezip biljek täze zehinleri ýüze çykarmakda möhüm orun eýeleýär.


düýn 23:30
2k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
5.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......