Bangkokda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 16.02.2026 13:24
  • 1.4k+

2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Bangkok şäherinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
11-nji fewralda Tailandyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeon bilen geçirilen duşuşykda taraplar ýokary derejeli saparlary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belledi. Onuň Alyhezreti Tailandyň Patyşasynyň Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýändigi aýratyn nygtaldy we türkmen tarapy bu taryhy sapary guramak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de, şu ýylyň dowamynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek we ikitaraplaýyn hökümetara hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek barada maslahatlaşyldy.


13-nji fewralda Tailandyň Söwda palatasynyň wise-prezidenti Suparek Çomçan bilen geçirilen gepleşiklerde ykdysady gatnaşyklara üns berildi. Türkmen tarapy ýurduň Söwda-senagat edarasynyň işi, hususan-da, telekeçilik üçin amatly şertleri döretmek we milli harytlary daşary bazarlara çykarmak boýunça alyp barýan çäreleri barada maglumat berdi.
Tailand tarapy Ilçini wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.


Şol gün Tailandyň Migrasiýa býurosynyň Komissary, polisiýanyň general-leýtenanty Panumas Bunýalang bilen geçirilen duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bellenildi. Taraplar bikanun migrasiýanyň öňüni almakda we degişli düzgün bozulmalara garşy göreşmekde, şeýle hem halkara kadalara laýyklykda adamyň hukuklaryny goramakda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdy.
Geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça taraplar Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek kararyna geldi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......