Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

  • 16.02.2026 14:19
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy. Bu sapar BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almak boýunça Sebitleýin birleşigiň ýardam bermeginde gurnaldy.
Saparyň dowamynda esasy üns Sloweniýanyň milli «ZORA» maksatnamasyna gönükdirildi. Bu maksatnama Ýewropa sebitinde guramaçylykly skriningiň iň üstünlikli modelleriniň biri hasaplanýar.
Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri merkezi maglumatlar reýestriniň işi, ilat arasyndaky skrining gurallary we sitopatologik barlaghanalaryň döwrebap standartlary bilen tanyşdy. Kesellemegiň derejesini peseltmegiň esasy guraly hökmünde adam papilloma wirusynyň (APW) barlagyny ornaşdyrmagyň halkara teswirnamalaryna aýratyn üns berildi.
Öwrenilen tehniki usullary we alnan tejribeleri Türkmenistanda skriningiň milli teswirnamalaryny standartlaşdyrmak we aýallaryň saglygyna gözegçilik ulgamyny berkitmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......