Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar

  • 18.02.2026 13:12
  • 11k+

Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder. Oýun Aşgabat wagty bilen 23:15-de başlanar.

11-nji fewralda Aşgabatda geçirilen ilkinji duşuşyk saud klubunyň minimal artykmaçlygy bilen (1:0) tamamlandy. Ýeke-täk gol duşuşykda ýeňiş saud klubuna ýeňiş getirse-de, indiki tapgyra iki duşuşygyň jemi boýunça ýeňiş gazanan topar çykar.
Žorže Žezusyň ýolbaşçylygyndaky topar ýaryşyň esasy faworitleriniň biri hasaplanýar. Toparyň ýaryşdaky görkezijileri - alty oýunda alty ýeňiş. Gol tapawudy bolsa 22:2.
Saudlylaryň ätiýaçlyk düzüminiň gürlügi hatda esasy ýyldyzlar bolmasa-da, toparyň şol bir derejede güýçli oýnamagyna mümkinçilik berýär.
Ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan «Arkadag» toparçalaýyn tapgyrda «Al-Haldiýa» we «Andižan» ýaly toparlary yzda galdyryp, ikinji orny eýeledi. Utulan çykdy tapgyrynda Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň güýçli topary bilen çykmak «Arkadag» üçin uly sport synagy we dünýä ýyldyzlaryna garşy oýnap, tejribe toplamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«Al-Nasryň» oýna çykjak düzümi agşamyň iň uly gyzyklanma döredýän soragydyr. Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane, Žoau Feliks we Kingsli Koman ýaly ýyldyzlaryň meýdança çykjakdygy heniz belli däl. Emma klubuň sosial ulgamlarynda olaryň umumy topar bilen türgenleşik geçirendigi habar berildi, bu bolsa janköýerler üçin garaşylmadyk sowgatlaryň bolmagyna yşarat edýär.


düýn 23:57
2.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
9.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 08:03
2.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

10.06.2026 19:10
6.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......