2025-nji ýylyň iň gowy etrabyna $1 mln pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

  • 17.02.2026 13:03
  • 8.8k+

2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyna 1 million ABŞ dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy. Gowşurylyş dabarasy 16-njy fewralda ýurduň demirgazyk sebitiniň Bitaraplyk şäherçesinde boldy.
Bu karar Türkmenistanyň Prezidentiniň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çykaran Buýrugyna esaslanýar. Degişli topar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen geçen ýylyň dowamynda durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri görkezen etraby kesgitledi. Şeýle-de, döwlet Baştutany 2026-njy ýylyň jemleri boýunça etraplaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň arasynda nobatdaky bäsleşigi geçirmek baradaky Buýruga gol çekdi.
Dabara sebitiň ýaşaýjylary, ýerli häkimiýet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäre 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda açylan Bitaraplyk şäherçesiniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýerde baýramçylyk çykyşlary we milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy.


Şanly waka mynasybetli «Köneürgenç» toý mekanynda baýramçylyk sadakasy berildi.
Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjylaryna ýollan Gutlagy okaldy. Çärä gatnaşyjylar bu baýragyň geljekki işler we sebiti ösdürmek üçin uly itergi boljakdygyny nygtady.


düýn 00:03
2.9k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......