TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygy bellenildi

  • 17.02.2026 18:48
  • 3.5k+

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen «Türkmen kinematografiýasy: taryhy menziller we döwrebaplyk» atly halkara duşuşygy geçirdi. Bu çäre TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda boldy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew, degişli pudak edaralarynyň wekilleri, kino sungatynyň işgärleri, alymlar we žurnalistler gatnaşdy.
Çäräniň açylyşynda Sultan Raýew «Türkmenfilmi» şanly waka bilen gutlap: «Bu asyrlyk ýol türkmen milli kino sungatynyň kemala gelmegini, ösmegini we çeperçilik taýdan kämilleşmegini görkezýän özboluşly medeni mirasyň nusgasydyr» diýip belledi. Ol türkmen kinosynyň türki halklaryň umumy medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi hökmündäki ornuny nygtady.
Atageldi Şamyradow milli kinematografiýanyň taryhynyň 1926-njy ýyldan başlanýandygyny ýatlatmak bilen, onuň ösüşiniň esasy tapgyrlary, şeýle hem «Türkmenfilmiň» häzirki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
Çäräniň çäklerinde «Galkynyş atlary» atly gysga göwrümli film görkezildi we gatnaşyjylara minnetdarlyk şahadatnamalary gowşuryldy.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....