«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy

  • 19.02.2026 06:27
  • 20k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi.

Mundan öňki oýundaky ýaly, bu gezek hem meýdança ýyldyz oýunçylaryny çykarmady. Kriştianu Ronaldu oýny tribunadan synlady. Emma «Al-Nasryň» düzüminde «Barselonanyň» öňki goragçysy Inigo Martines ilkinji minutlardan meýdança çykdy. Ikinji ýarymda bolsa Žoau Feliks, Marselo Brozowiç we Kingsli Koman ýaly ýyldyzlar oýna goşuldy. Sadio Mane ätiýaçlyk düzümde galdy.

Duşuşygyň ykbalyny çözen ýeke-täk gol eýýäm 3-nji minutda geçirildi. Sag tarapdan berlen pasy Abdulrahman Garib derwezä gönükdirdi.
56-njy minutda ýer eýeleri hasaby artdyrmaga golaý geldiler, emma Maranyň urgusy derwezäniň sütünine degdi. Oýnuň soňky minutlarynda dartgynly pursatlar ýüze çykdy: 87-nji minutda «Arkadag» FK-nyň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew garşydaşyna garşy gödek oýnady. Emin ilki sary kart görkezse-de, VAR (wideo-gaýtalaýyş) ulgamyna seredenden soň, ony göni gyzyl karta çalyşdy we futbolçyny meýdançadan çykardy.
Iki oýnuň netijesi boýunça (jemi 2:0) «Al-Nasr» ýaryşy dowam etdirýär.
Žorže Žezusyň şägirtleri şu möwsümde oýnan 8 oýnunyň ählisinde hem ýeňiş gazanyp, ýaryşyň esasy fawority bolmagynda galýarlar.
Türkmenistanyň çempion topary AFK Çempionlar ligasy2-däki ilkinji çykyşyny tamamlady. Topar dünýä ýyldyzlaryna garşy iki oýunda hem diňe minimal hasap bilen ýeňlip, özüniň mynasyp bäsdeşdigini subut etdi.


şu gün 14:50
1.3k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 10:04
2.7k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
5.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....