«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar

  • 16.02.2026 14:40
  • 1.4k+

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda özüniň ikinji uly konsertini geçirer. «“Melodiýa” äheňindäki bahar» atly konsert 6-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde bolar we Halkara zenanlar gününe bagyşlanar.
Konsertiň maksatnamasyna Waleriý Meladzeniň we Grigoriý Lepsiň meşhur aýdymlarynyň orkestr üçin işlenip taýýarlanylan görnüşleri girizildi. Şeýle hem, Aşgabadyň diňleýjilerine eýýäm tanyş bolan asly gruziýaly dagystanly aýdymçy Zarina Tilidzeniň eserleri ýaňlanar.
Konsertiň aýratyn bir bölümi türkmen kompozitorlary Aýna Şirowanyň we Gülşat Ödeniýazowanyň eserlerine bagyşlanar. Olaryň sazy maksatnama milli öwüşgin goşar. Mundan başga-da, tomaşaçylara fransuz şansony garaşýar. Baýramçylyk agşamynyň bir bölegi hökmünde «Raduga» çagalar horunyň çykyşy hem bolar.
Konsert 6-njy martda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde başlanar.
Petekler barada maglumat üçin telefon belgileri: +993 62 822827; +993 63 049686


düýn 17:17
2.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 22:59
1.9k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......