Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipä gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

  • 20.02.2026 09:03
  • 4.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şeýle hem ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini geljekde hem bilelikde ulanmaga taýýardygy nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ýaponiýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw etdi.
Sanae Takaiti Ýaponiýanyň 105-nji Premýer-ministri hökmünde saýlandy. Ol saýlawlarda 125 deputatyň goldawyny aldy, onuň ýolbaşçylygyndaky Liberal-demokratik partiýa bolsa parlamentdäki 465 ornuň 316-syny eýelemegi başardy. Sanae Takaiti premýer-ministr wezipesine ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda girişip, Ýaponiýanyň taryhynda bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy. 


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......