Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny Bahar baýramy bilen gutlady

  • 17.02.2026 06:17
  • 3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
«Täze ýylyň başlangyjyny alamatlandyrýan bu nurana baýram kalplary parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk umydy bilen dolduryp, gadymdan bäri adamlary ýakynlaşdyryp gelýär» diýip, Prezidentimiz gutlag hatynda belleýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem, iki ýurduň halklarynyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow ýetip gelen at ýylynda Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......