Türkmenistandan «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy

  • 18.02.2026 16:51
  • 3.3k+

Türkmen okuwçylary 2026-njy ýylyň 10 — 13-nji fewraly aralygynda Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyrynda uly üstünlik gazandy.
Aşgabat şäheriniň 97-nji we 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen «Oguzrobot» topary ýokary ussatlyk görkezip, eminleriň karary bilen Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek halkara robot ýaryşyna gatnaşmak üçin ýörite hukuk (kwota) aldy.
Gazagystandaky bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Gonkongdan, Wýetnamdan, Özbegistandan we Estoniýadan 80-e golaý topar gatnaşdy. Güýçli bäsdeşlik şertlerinde türkmen ýaşlary başlangyç tapgyrlardan ynamly geçip, saýlama tapgyryna geçmegi başardy. Eminler topary «Kämil bilim» okuw merkezinde taýýarlyk geçen toparyň innowasion çözgütlerine we ýokary tehniki ukyplaryna aýratyn baha berdi.
Astanadaky bu ýeňiş geçen ýyl «Halkara üstünlik» baýragyna mynasyp bolan toparyň nobatdaky uly netijesidir. Şeýle üstünlikler Türkmenistanda STEM biliminiň netijeli ösdürilýändiginiň hem-de ýokary tehnologiýalar we inženerçilik babatda ýaşlaryň uly mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......