«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy

  • 18.02.2026 16:46
  • 3.5k+

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi we baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Dabaranyň dowamynda kinonyň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow TÜRKSOY-yň «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýragy bilen sylaglandy. Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň filme goşan uly goşandy nazara alnyp, gazna «Uly ganatly laçyn» baýragy gowşuryldy.

Baýraklary TÜRKSOY guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew gowşurdy, olary türkmen tarapyndan Medeniýet ministri A.Şamuradow kabul etdi.
Ministr öz çykyşynda türkmen kino işgärleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde türkmen kinematografiýasynyň ösmegine uly goldawyň berilýändigini nygtady.
Bu baýraklar häzirkizaman türkmen kinosynyň milli gymmatlyklary dünýä ýaýmakda we halkara medeni giňişliginde mynasyp orun eýelemekde gazanan uly üstünliginiň nobatdaky subutnamasy boldy.


19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......