Baku şäherinde C6 formatynyň ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň halkara maslahaty geçirildi

  • 20.02.2026 14:50
  • 1.4k+

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde «C6: Bir sebit, umumy geljek – strategik dialogy pugtalandyrmak» atly halkara maslahat geçirildi. Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkezi tarapyndan guralan bu çärä C6 formatyna girýän döwletleriň seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy bilermenler we diplomatik wekiller gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Maslahatda Türkmenistana DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew we ýurduň Azerbaýjandaky Ilçisi G.Elýasow wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň geosyýasy şertlerinde sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek we strategik dialogy giňeltmek meseleleri üns merkezinde boldy.
Taraplar ulag-logistika baglanyşygy, energetika howpsuzlygy we ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça pikir alyşdy. Çykyşlarda C6 formatynyň sebitara gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek we netijeli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ýola goýmak üçin möhüm meýdança öwrülendigi aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda bilermenler derejesindäki dialogy yzygiderli dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gyzyklanma bildirildi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......