Türkmen okuwçylary Dubaýda geçirilen robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandy

  • 18.02.2026 14:11
  • 2.2k+

14-nji fewraldan 16-njy fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde türkmen okuwçylary 12 sany medal gazanmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýaş innowatoryň gatnaşan bu ýaryşynda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýurdumyzyň wekilleri 2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy.
Altyn medallary gazananlar:

·         Selim Begmyradow (Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdep);

·         Abduljelil Patyşagulyýew (Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep).

Gatnaşyjylaryň ikisi hem «Line Follower» ugry boýunça ýeňiji boldy we bäsleşigiň «Iň gowy topary» diýlip yglan edilip, ýörite baýrak bilen sylaglandy.
Kümüş medallaryň eýeleri: Abdullah Annaýew («Line Follower»), Muhammedkasym Annaýew («Mini Sumo»), Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdiýew we Aýsenem Akmyradowa.
Bürünç medallary gazananlar: Ebubekir Berdiýew («Line Follower»), Muhammedulemin Annaýew («Maze/Labirint»), Rahman Garrygulow we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew.
Aşgabat şäherindäki 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew eminler topary tarapyndan ýörite baýraga eýe boldy.


Ýeňijiler Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robototehnika gurnagynyň hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň wekilleri bolup, olary mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow taýýarlady.
Mugallym M. Sähetgulyýew bu üstünlik barada şeýle diýdi: «Bu ýeňiş diňe bir mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň tehnologiýa dünýäsinde uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn!».


düýn 18:12
5k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.6k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
5.8k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.5k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......