Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň hormatyna dabaraly ýöriş geçirildi

  • 17.02.2026 02:30
  • 3.7k+

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.
Ýatlap geçsek, topar Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Monte-Karloda topara sirk sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu şanly waka mynasybetli günbatar welaýatyň dolandyryş merkezinde Uzboý köçesiniň ugrunda giň gerimli ýöriş guraldy we ol «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde tamamlandy.
Baýramçylyk çäreleriniň guralmagy 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan atçylyk we atly sport pudagyndaky çäreleriň Maksatnamasynda göz öňünde tutuldy.
Maksatnamanyň çäginde «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň we welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda folklor ansambllarynyň hem-de sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri sebitiň döredijilik toparlary bilen bilelikde edebi-sazly kompozisiýalary hödürledi.
Dabaralar «Türkmeniň ak öýüniň» sahnasynda jemlendi, şol ýerde «Galkynyş» toparynyň çapyksuwarlary jigitlik ussatlygyny we akrobatik oýunlaryny görkezdi. Çykyş edenler toparyň abraýly festiwallarda gazanan ýeňişleriniň milli sungatymyzy dünýäde wagyz etmekdäki ähmiýetini belledi. Gatnaşyjylar atly sporty ösdürmekde döredilýän şertler üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. 


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......