Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 18.02.2026 15:43
  • 3k+

17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu edaranyň ýolbaşçysy J. Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk boldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Gepleşikleriň özeni çaganyň irki ösüşi, inklýuziw bilimi ösdürmek, şeýle hem bilim ulgamynda howanyň üýtgemegine durnuklylyk we tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça meýilleşdirilýän işlerden ybarat boldy. Bu ugurlar boýunça eýýäm gazanylan netijelere aýratyn baha berildi.
Çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak, ýurduň 55 mekdebinde başlangyç synpa taýýarlyk boýunça synag maksatnamasyny amala aşyrmak, şeýle hem «Ýaşyl mekdep» atly bilelikdäki maksatnamanyň gidişi baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle-de, inklýuziw bilim ulgamyndaky synag işleriniň gerimini giňeltmek barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleriniň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hem-de her bir çaganyň bähbidine gönükdirilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygy tassyklanyldy.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......