Türkmenistanda ösümlikleri goramak boýunça birinji internet ders bäsleşigi geçiriler

  • 16.02.2026 20:13
  • 1.8k+

Türkmen oba hojalyk instituty agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy tarapyndan guralýan ösümlikleri goramak boýunça I internet ders bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan etdi.
Bäsleşik 10-njy aprelde şahsy görnüşde bolar. Oňa ugruna, hünär taýýarlygyna garamazdan, ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň 3–5-nji ýyl talyplary gatnaşyp biler. Her okuw mekdebi düzümi bäş sany talypdan köp bolmadyk topary hödürläp biler. Gatnaşyjylary hasaba almak işi 1-nji aprele çenli dowam eder: topar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary ýokary okuw mekdebiniň 
tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ibermelidir.
Bäsleşigiň şertlerine görä, talyplara 50 soragdan ybarat test hödürlener we olary çözmek üçin 90 minut wagt berler. Ýeňijiler şahsy we toparlaýyn hasapda toplanan ballaryň esasynda kesgitlenip, degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Bäsleşigiň düzgünnamasy we goşmaça maglumatlar bilen institutyň 
resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.
Olimpiadanyň esasy maksatlary zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, agrar pudagyndaky ylmy barlaglary höweslendirmekden, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr.
Goşmaça maglumat almak we guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: +993 65 86-79-67; +993 65 27-62-37.
  • Elektron poçta: tohi_tm@sanly.tm.

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......