Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi
San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada "Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär...