Şweýsariýada geljekdäki ýitgileriň öňüni almak üçin mikrob saklaýjy enjam döredilýär

  • 04.07.2025 18:30
  • 3.7k+

Şweýsariýada Microbiota Vault Initiative - mikrob dürlüligini goramak üçin “mikrobiologik gämi” taslamasy durmuşa geçirilýär. Alymlary geljekde köp möhüm bakteriýalaryň adam bedeninden ýok bolup gitmeginiň mümkindigi alada goýýar.  Bu, hatda iýmit siňdiriş ukybyna hem täsir edip biler diýip, Nature Communications žurnalyndaky makalada aýdylýar.

Taslama 2018-nji ýylda işe girizildi. Onuň maksady - global maýlama, antibiotikleriň giňden ulanylmagy we ýaşaýyş durmuşynyň üýtgemegi sebäpli ýitip barýan peýdaly mikroblary goramak. Häzirki wagtda ýaşlarda, köplenç, immunitet we iýmit siňdiriş üçin möhüm bakteriýalaryň ýetmezçiligi duýulýar.
Mysal üçin, doglanda kesilip alnan we emeli süýt bilen iýmitlendirilýän bäbekler, köplenç, Bifidobacterium infantis almaýarlar. Bu bakteriýa probiyotiklere goşulýar, ýöne barybir ol tebigy çeşmäniň - enäniň mikroflorasynyň ornuny tutmaýar.
Şeýle hem, patogen mikroorganizmleriniň ýaýramagynyň öňüni alýan bakteriýa bolan Trepanema succinifaciens şäher ilatyndan tas ýitip barýar diýen ýaly.
Ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri gorap saklamak üçin alymlar olary -80° C-da doňdurýarlar we Sýurih uniwersitetiniň Lukmançylyk mikrobiologiýasy institutynda saklaýarlar. Şu wagta çenli adam mikrobiomyndan 1204 nusga we fermentlenen iýmitlerden 190 nusga ýygnaldy.
Sýurih ammary - wagtlaýyn. Alymlar Şpisbergeniň tohum gapyrjagyna meňzeş hemişelik ýer döretmegi meýilleşdirýärler. Olar hökümetiň goldawyna umyt baglaýarlar.
Häzirki wagtda bu mikroblary bedene gaýtadan ornaşdyrmak üçin tehnologiýa ýok bolsa-da, barlagçylar olary şeýle mümkinçilik döreýänçä saklamagyň möhümdigine ynanýarlar. Soňlugy bilen olar kolleksiýa pestisidler sebäpli ýitip barýan toprak mikroblaryny hem goşmagy meýilleşdirýärler.


düýn 16:45
3.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
983

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......