Şweýsariýada köne awtoulaglaryň toplandysy tapyldy

  • 30.11.2024 13:46
  • 21k+

Şweýsariýadaky Sankt-Gallen kantonynda, Kirhberg täjirçilik sebitindäki çemenlikde köne awtomobilleriň taşlanyp gaýdylan ýeri tapyldy. Awtomobilleriň “mazarystanyna” meňzeýän bu ýerde açyk asmanyň astynda geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda çykarylan sedanlar, kupeler we uniwersallar bar diýip, AutoMotor und Sport neşiri ýazýar.

Awtoulaglaryň köpüsi italýan we nemes önümçiligine degişli bolup, olaryň arasynda Alfa Romeo, Fiat 130, Lancia Gamma, Audi 200, Opel Senator, Opel Commodore Caravan we W126 kuzowly S klasly Mercedes-Benz bar. Şeýle modeller indi kolleksionerleriň arasynda gyzyklanma predmeti hasaplanýar.
Köp awtomobillere aýnalaryň döwülmegi we boýag kemçiligi ýaly zeper ýetipdir. Ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýy barada häzirlikçe maglumat ýok.
Ýerli häkimiýetler bu kolleksiýanyň kime degişlidigini anyklamaga çalyşýarlar. Şweýsariýanyň kanunyna laýyklykda, tapylan ulag serişdeleri eýeleri tarapyndan utilizasiýa tabşyrylmaly.


17.01.2025 11:58
5.3k+

Şweýsariýada gapysyz we üçeksiz elektrikli awtoulag bolan Microlino Spider tanyşdyryldy

Şweýsariýanyň Micro Mobility Systems AG kompaniýasy özüniň Microlino atly elektrikli awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy. Täze model “Spider” (Möý) diýlip atlandyrylyp, onuň üçegi we öň tarapdaky gapysy ýok...

10.09.2023 12:34
14k+

Şweýsariýada Volkswagen ID.7-niň iň kuwwatly nusgasy tanyşdyryldy

Şweýsariýanyň Lokarno şäherinde «Volkswagen» köpçülikleýin öndürilýän elektrikli «ID.7» kysymynyň binýadynda gurlan «ID.X Performance» konsept awtoulagyny tanyşdyrdy. Awtoulag 558 at güýji kuwwaty bolan iki motorly...

düýn 14:34
2.2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......