Şweýsariýada gapysyz we üçeksiz elektrikli awtoulag bolan Microlino Spider tanyşdyryldy

  • 17.01.2025 11:58
  • 5.3k+

Şweýsariýanyň Micro Mobility Systems AG kompaniýasy özüniň Microlino atly elektrikli awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy. Täze model “Spider” (Möý) diýlip atlandyrylyp, onuň üçegi we öň tarapdaky gapysy ýok diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Kompaniýa kapsula görnüşindäki elektrikli mikromobil konseptini ilkinji gezek 2016-njy ýylda görkezipdi. Üç dürli görnüşde öndürilýän bu awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçiligine ýakyn wagtda başlandy. “Spider” modeli olaryň dördünjisi boldy.
Microlino awtoulaglarynyň retro stilindäki öňki modellerinde öň tarapdaky gapylary bardy. Emma ulagy ABŞ bazaryna çykmak üçin kompaniýa bu aýratynlykdan ýüz öwürdi.
Eger-de “Spider” modeliniň köpçülikleýin önümçiligine başlansa, ol ABŞ-nyň ýaşaýyş zolaklarynda we myhmanhanalarynda, şeýle-de Ýewropanyň golf klublarynda ulanylýan golf awtoulaglarynyň has howpsuz görnüşi hökmünde hödürlener. ABŞ golf awtoulaglary üçin iň uly bazar bolup, bu ulaglar esasan ýakyn töwerege gidip-gelmek üçin ulanylýar.
Microlino Ýewropada elektrikli kwadrosikl hökmünde klassifikasiýalaşdyrylýar. ABŞ-da bolsa, NEV (Neighborhood Electric Vehicle) ýa-da LSV (Low-Speed Vehicle) görnüşindäki ulag kategoriýalaryna degişli ediler. Bu ulaglar diňe tizligi 56 km/s-den ýokary bolmadyk ýollarda sürlüp bilner. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ABŞ-daky ýollaryň ýarysy şu talaplara laýyk gelýär.
Kompaniýa “Spider” modeli barada jikme-jik tehniki häsiýetnamalary heniz aýan etmedi. Ýöne onuň häzirki Microlino modellerine meňzeş boljakdygy barada aýdylýar. Häzirki modeller 12,4 kWt kuwwatly hereketlendiriji we 15 kWt⋅s çenli batareýa bilen üpjün edilýär. Şeýle-de täze model ABŞ kanunlaryna laýyk getirilendigini bellemek bolar.
Üçegi bolmadyk ulagda özüni oňaýsyz duýjaklar üçin brezentden ýasalan tenti satyn almak mümkin bolar. Emma gapdal taraplary hemişe açyk bolar, bu bolsa münmegi we düşmegi ýeňilleşdirer. Ulagyň ruly we basgançak bölekleri agaçdan, salonyň beýleki bölekleri bolsa gök-ak reňklerdäki materiallardan ýasalar.
Awtoulagyň korpusy ýagtylyga görä, gökden ýaşyla we benewşe reňke öwrülýän boýag bilen boýalar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......