Şweýsariýada Volkswagen ID.7-niň iň kuwwatly nusgasy tanyşdyryldy

  • 10.09.2023 12:34
  • 14k+

Şweýsariýanyň Lokarno şäherinde «Volkswagen» köpçülikleýin öndürilýän elektrikli «ID.7» kysymynyň binýadynda gurlan «ID.X Performance» konsept awtoulagyny tanyşdyrdy.

Awtoulag 558 at güýji kuwwaty bolan iki motorly elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi we onuň daşky bezegi düýpgöter täzeden döredildi. Öňki bamperde gara reňkli uly radiator gözenegi peýda boldy. Yzky bampere uglerod süýümli diffuzor gurnalyp, bagažnigiň gapagynda spoýler ýerledirildi.
Şeýle hem awtoulagda 60 mm peseldilen podweska we merkezi nurbatly 20 dýuýmlyk sport tekerleri ornaşdyryldy. Daşky we içki bezegdäki gyzyl öwüşginler sport sedanynyň keşbini tamamlaýar.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......