2025-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçiriler

  • 31.08.2024 13:24
  • 2.9k+

“Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 2025-nji ýylyň maý aýynda Bazel şäherinde geçiriler. Bu barada bäsleşigi geçirýän Ýewropa ýaýlym birleşiginiň (EBC) saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

“Bazel 2025-nji ýylda 69-njy “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy” – diýlip, habarda görkezilýär. Bäsleşigiň ýarym finallary we finaly 2025-nji ýylyň 13, 15 we 17-nji maýynda St.Jacobshalle arenasynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjy ýurtlaryň sanawy soň yglan ediler.

Öň, “Ýewrowideniýe” Şweýsariýada eýýäm geçirildi – 1956-njy ýyldaky ilkinji bäsleşik hut şu ýurtda geçirilip, onuň ýeňijisi şweýsariýaly aýdymçy Liz Assia boldy. Şol wagt bäsleşigiň geçiriljek ýeri hökmünde Lugano şäheri saýlanypdy.
1989-njy ýylda “Ýewrowideniýe” bir ýyl öň Şweýsariýa wekilçilik edýän Selin Dionyň bäsleşikde ýeňiji bolmagy netijesinde Lozannada geçirildi. Indi aýdym-saz bäsleşigi ilkinji gezek ýurduň nemes dilli böleginde geçer.
2024-nji ýylda “Ýewrowideniýe” 68-nji gezek geçirildi. Bäsleşigi Malmýo şäheri kabul etdi. Ýeňiji şweýsariýaly aýdymçy Nemo Mettler boldy.


15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....